- sowamak
- işlik1) Sowuk düşüp başlamak.2) Temperatura peselip başlamak (howa hakynda).∙ Noýabr aýynyň girmegi bilen howa hem birden gaty sowap başlady. (H. Ysmaýylow, Powestler)3) Gyzgyny gaçmak, temperatura aşak düşmek.∙ Aýu, ýörsene çaýyň sowady-la! («Tokmak» žurnaly)4) Bir zada bolan höwesi gaçmak, bir zatdan göwni geçmek, yhlasy peselmek.∙ Hi, şeýle-de bir öýden sowamak bolarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Gözeliň Çarydan bütinleý sowamagynyň sebäbi-de mundan üç-dört gün öň Çarynyň ejesi gelip, Gözeliň üstüne aýy ýaly topulypdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ gany sowamak — seret gan∙ Maralyň gany sowamandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.